TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda wiza tertibi ýeňilleşdiriler

Türkmenistan bilen Malaýziýa diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçinnwiza talaplary kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Resminama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurtlar başga-da birnäçe ylalaşyklara, şol sanda syýahatçylyk, bilim we diplomatlary taýýarlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler.
Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçileri üçin täze mümkinçilikleri açjak
Türkmen-malaýziýa Işewürlik geňeşiniň döredilmegine badalga berildi.