TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagyna garaşylýar

Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiliklerini bilelikde öwrenmekligi maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça mälim etdi diýip, Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Gazagystan Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bellemegine görä, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy durnukly ýagdaýda 500 million ABŞ dollaryndan ýokary bolup, taraplar haryt dolanyşygyny bir milliard ABŞ dollaryna ýetirmek boýunça çäreleri ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda bilelikdäki söwda öýlerini açmak hem-de özara söwdany artdyrmak boýunça Iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.