SYÝASAT

Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Çarçuwaly maksatnama, şeýle hem «Parnik gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak üçin ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» atly taslamany bilelikde amala aşyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bu gurama bilen bilelikde bäş sany sebit taslamasyny amala aşyrýar, öňde baryjy tehnoloiýalaary ornaşdyrýar, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri we häzirki zaman ylmy çemeleşmeleri ornaşdyrýar.

Agrosenagat toplumynyň we tutuş halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri bolan pagtaçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy bellenildi. Şu maksat bilen önümçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek we çig malyň maşyn ýygymyny artdyrmak, ylmy-gözleg işlerine itergi bermek, şol sanda seçim we sanlylaşdyrmak arkaly pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen taslamany bilelikde durmuşa geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem häzirki zaman hakykatlaryny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biriniň ekologiýa we daşky gurşawy goramak pudagydygy nygtaldy, çünki bu ýerde sebit we dünýä derejesinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: