JEMGYÝET

Türkmenistan barada gürrüň berýän dört surat wirtual sergide görkezilýär

Türkmenistanyň çäginde alnan dört sany hronikal fotosurat GDA-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki taslamanyň wirtual surat sergisine goşuldy, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

TASS-yň suratçylary Stanislaw Karsilnikow we Waleriý Şarifullin tarapyndan alnyp taýýarlanan «Milli tans toparynyň Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara Ynsanperwerlik we ösüş uniwersitetiniň esasy binasynyň öňünde çykyşy», «Türkmenistanyň halkara deňiz portunyň açylyşy», «Aşgabat Türkmenistanyň administratiw-syýasy, senagat, ylmy we medeni merkezidir», «Aşgabat aýlawynda ahalteke atlarynyň tanyşdyrylyşy» atly surat eserleri wirtual surat sergisinde neşir edildi.

TASS-yň habar bermegine görä, GDA-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki surat taslamasy Arkalaşyga agza ýurtlaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan taýýarlanypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: