Topragymyz hazynadyr, altyndyr
Bol hasyly alýan eziz halkymdyr
Daglarymyz göwünleriň galkyndyr
Türkmenistan baky Bitarap ýurdum!
Jennet ýurdum,sen ajaýyp mekansyň
Näçe ýaşy eýýäm arka atansyň,
Altyna hem zere, güle batansyň,
Türkmenistan baky Bitarap ýurdum!
Äleme dolup dur aýdymyň sesi
Bezeg berýär gaýalary hem pesi
Şadyýana çagalaryň gülküsi
Türkmenistan baky Bitarap ýurdum!
Gelin-gyzlar maşgalanyň gelşigi
Mahsusdyr özüne egin-eşigi
Gül açar ýaşaýan öýi, işigi
Türkmenistan baky Bitarap ýurdum!
Ak saçly eneler guwanýar bize
Parasat,bereket, rysgal öýmüze
Myhman gelse geçiriler törmüze
Türkmenistan baky Bitarap ýurdum!
Imamowa Selbi
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmaksungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi