JEMGYÝET

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýeden adam alyp gaýtmak boýunça nobatdaky gatnawy amala aşyrdy

Türkmenabadyň halkara howa menziline «Türkmenistan» awikompaniýasynyň Stambul (Türkiýe Respublikasy) howa menzilinden uçup gaýdan uçary gelip gondy. Bu gatnaw bilen koronawirusyň döremegi we ýaýramagy bilen baglanyşykly gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylandygy sebäpli ýurduna dolanyp bilmedik raýatlaryň 250-si geldi.

«Boing-777-200RL» kysymly ýörite iberilen uçar Aşgabatdan Stambula uçdy we ol ýerde adam alyp, Lebap welaýatynyň edara merkezine tarap ugrady.

Watanyna dolanan adamlar 21 günüň dowamynda ýörite karantin geçerler.

2020 ýylyň martyndan dünýäde «COVID–19»-yň ýaýramagy sebäpli Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda howa gatnawlary wagtlaýynça togtadylypdy. Şol wagtdan bäri Türkiýeden we beýleki ýurtlardan adamlary alyp gaýtmak boýunça birnäçe ýörite gatnawlar amala aşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: