TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Aşgabatda golf meýdançasyny guran kompaniýanyň täze tekliplerine seretmäge taýýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň  Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan  sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar. Türkmenistan halkara hil ekologiýa standartlaryna we innowasiýalara üns bermek bilen döwrebap sport we syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.
Döwlet Baştutany «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan  bilen kompaniýanyň arasynda sport infrastrukturasyny ösdürmek ulgamynda özara bähbitli  hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap golf klubyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde bellenildi. Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezident Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.