TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan «Ansat» rus lukmançylyk dikuçaryny satyn aldy

Uçýan tiz kömek! Türkmenistan «Ansat» rus dikuçaryny getirdiler. Ony «Türkmenhowaýollarynyň» sargydy boýunça Kazanyň dikuçar zawody öndürdi, diýip «МИР 24» teleýaýlymy habar berýär.
Täze ulagyň amatlylyk derejesini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow barlap gördi. Ol dikuçaryň kabinasyna girip, onuň priborlaryny we üpjünçiligini öwrendi. Ony ýerinde lukmançylyk kömegini bermek üçin ulanmagy göz öňünde tutýarlar.
«Ansat» lukmançylyk moduly sanly defibrillýator we öýkeni emeli şemalladýan apparat bilen enjamlaşdyrylan. Uçuş-tehniki häsiýetnamalary dikuçara çöle we beýleki barmasy kyn ýerlere düşmäge mümkinçilik berýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply