TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Amyderýanyň suwuny çäkli derejede ulanmak baradaky Teswirnama gol çekdi

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Suw hojalygy boýunça döwletara utgaşdyryjy toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň wekilleri Syrderýanyň we Amyderýanyň basseýnindäki suw howdanlaryň işi hakynda Teswirnama gol çekip, suw ulanmagyň çägini kesgitlediler. 

Gazagystanyň suw serişdeleri we üpjünçiligi ministrliginiň mälim etmegine görä, ýurduň Türkestan we Kyzylorda oblastlaryny geljek ýylda gerkeli suw bilen üpjün etmek hem-de 1,6 milliard suwy Aral deňzine akdyrmak boýunça ylalaşdylar. 

Soňky ýyllarda sebit ýurtlary Aral deňiz boýunça netijeli çözgütleri kabul edip, ekologiýa meselelerine aýratyn üns berýärler.

Amyderýanyň 1000 kilometr çemesi uzynlygy Lebap welaýatynyň çäginden akyp geçýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: