Türkmenistan: Alty aýyň ösüş depgini 20,3% barabar
Şu ýylyň alty aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Lebap welaýatynda 20,3% köp elektrik energiýasy öndürildi.
Welaýatda «Lebap», «Watan» döwlet elektrik stansiýalary, şonuň ýaly-da Seýdiniň ýylylyk elektrik merkezi hereket edýär. Olaryň ikisi soňky ýyllarda ulanylmaga tabşyryldy. Seýdiniň ýylylyk elektrik merkeziniň bolsa durky täzelenildi.
Geçen döwürde welaýatda tok peseldiji elektrik beketlerini, elektrik geçirijileri gurmak hem dowam etdirildi. Olar we öňden barlary önümçilik kärhanalaryny hem-de ilatly ýerleri elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.