Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Kongresiniň wekiller palatasynyň daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň Başlygy Bill Hýuzenga hem-de orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen hyzmatdaşlygyň täze sahypalaryna taýýar
08
Nov
