BIZE YAZYARLAR

TÜRKMENIŇ BEÝIK ŞAHYRY

Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny täzeçe öwrenmeklik ýola goýlup, bu ugurda tutumly işler edilýär. Türkmen alymlary Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasyny öwrenmekde we olaryň esasynda şahyryň şygyrlaryny neşire taýýarlap, ony halk köpçüligine elýeterli etmekde uly tejribe toplady. Şahyryň belli-belli goşgularynyň tankydy tekst barlagy anyk ylmy netijeleri berdi. Magtymgulynyň edebi çeper dünýäsini açmaklyga edilen synanyşyklar, şahyryň  dünýewi hem ylahy pelsepe goşgularynyň derňewi Magtymgulynyň şahyrana dünýägaraýşyny we şygyr çeperçilik ussatlygyny kesgitlemekde ähmiýetli boldy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Magtymgulynyň sopuçylyk garaýyşlary magtymgulyşynas alymlar tarapyndan öwrenilip, ussat Pyragynyň ylahy dünýäsiniň «gizlin syry» açyldy.

Magtymguly atasy Döwletmämmet Azadynyň terbiýesini alan adam. Azady «Wagzy-Azatda» türkmen döwletiniň nähili bolmalydygynyň taslama esasyny ýazyp beýan etdipdi. Döwletiň edara edilişini, jemgyýetde her bir toparyň tutmaly ornuny, olaryň ahlak ýörelgelerini, ondaky ynsan gatnaşyklarynyň nähili bolmalydygyny uly paýhaslylyk bilen çeper söze salypdy. Magtymguly atasy Azadynyň bu pikirlerini iki elläp goldapdyr. Şonuň üçinem gaty agyr emma zerur hem ilkinji nobatda çözülmeli mesele bolan döwlet binasyny gaýym gurmagyň aladasyna ýugrulan şygyr gahrymany orta çykarypdyr.

Magtymguly «Öňi-ardy bilinmez» goşgusynda türkmen kowumlarynyň birleşse uly güýjüň emele geljekdigini nygtasa, «At islärin», «Bäşimiz», «Türkmeniň», «Türkmen binasy» ýaly onlarça şygyrlarynda berkarar döwlet gurmagyň arzuwyny edýär.

Türkmen nusgalyk edebiýatynyň görnükli wekili akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň XVIII asyrda edebiýat meýdanyna gelmegi diňe bir milli edebi çeper pikirlenmämiziň ösüşinde däl, eýsem tutuş Gündogar edebi aňynda uly çeperçilik hadysa boldy. Akyldar şahyr Pyragynyň şygryýetiniň mazmun hem çeperçilik babatdaky täzeçilligi türkmen nusgawy edebiýatynyň geljekki ösüş ýolyny kesgitledi. Magtymgulynyň edebiýata getiren täzelikleri şahyryň döwürdeşleri hem ondan soňky ýaşap geçen söz ussatlary tarapyndan dowam etdirildi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini öwrenmek işi uly depginlerde alnyp barylýar. 2014-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň taryhy Permany esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk toýy halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçildi. Toý dabarasynyň çäklerinde geçirilen halkara ylmy Maslahat şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde we onuň eserlerini dünýä okyjysyna elýeterli etmekde  uly ähmiýete eýe boldy.

Magtymgulynyň sözleriniň yrýasy ýok. Garagalpak şahyry Berdimyrat Berdak aýtmyşlaýyn her “sözlerini togap” etmeli. Şahyr çeper edebiýatda öz döwrüniň gahrymanyny orta çykarypdyr. Şol gahrymanyň kalbyny açyp, onuň ýürek owazyny tutuş iline diňledipdir. Ol gahrymanyň ýürek owazy bolsa, türkmene döwlet gerek diýip seslenýärdi.

Aýdyň Tagaýewa,

 «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: