Ähli döwürlerde bedewler halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy, onuň ylham çeşmesi bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bedewlere bolan söýgi türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalaryň miras galan milli seýisçilik sungatyny hasda kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alynyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň arassa ganlylygyny gorap saklamak, köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek, onuň şöhratyny dünýä doldurmak babatynda ýurdumyzda uly özgertmeler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Onuň ýaşaýşynyň her bir pursadynda bedew atyň aýratyn orny bar. Türkmen halky häzirki döwürde bolşy ýaly, geçmişde-de şatlykly gününde-de, toý-baýramlarynda-da toýuňy giňden tutup , at çapdyryp gabak atdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem, özüniň bedew atyna atlanyp ,darkaş gurupdyr. Şonuň üçin hem ol bedew atyny özüne diňe bir wepaly dost däl, eýsem dogan hasaplapdyr. Taryhda atyň ilkinji eldekileşdirilen ýeri Türküstan bolşy ýaly ony ilkinji eldekileşdirenler hem türkmenlerdir.
Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesini dünýä ýaýan ýaş atşynaslara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, pul baýraklary gowşuryldy. Ahalteke bedewleriniň Watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar.
Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine, dünýäde giňden wagyz edilmegine, Watanymyzyň ileri tutulýan döwlet syýasatlarynyň birine öwrülmegine şert döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
MERDANOWA Şirin,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.
