JEMGYÝET

«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigi ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap ediler.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýer M.Mämmedowa iberdi we bu möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: