BIZE YAZYARLAR

Türkmenim

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan ýol,
Oguzhan atamdan miras galan gol,
Dünýäni sardyran merdana ogul,
Galkynan topragym, jan sen, türkmenim!

Taryhyň gatynda öçmez yzy bar,
Gorkut ataň gopuzynyň sazy bar,
Her daban ýerinde peder sözi bar,
Nesillere galkan, kän sen, türkmenim!

Seljuklylar gurdy beýik döwleti,
Togrul, Çagry — dünýäň şany-şöhraty,
Alp Arslan peş etdi beýik gaýraty,
Mertleriň mekany şandyr, türkmenim!

Gökden inen nur dek Soltan Sanjaryň,
Mürewwetde beýik adyl hünärim.
Ylymda, bilimde alymlar ýaryň,
Paýhasyň çeşmesi kändir, türkmenim!

Göreş meýdanynda Jelaletdinim,
Watan bagyşlan ol şirin janyn.
Namysy bilipler Watanyň şanyn,
Wepaly gerçekleň jandyr, türkmenim!

Köpetdagyň saba öwsen şemaly,
Magtymgulyň şygyr atly hünäri,
Azady, Kemine — kalbyň serweri,
Sözüň soltanlary şandyr, türkmenim!

Gurbandurdy Zelili hem Mollanepes,
Watan bar zatdan bildi mukaddes.
Egsilmez ylhama, joşguna höwes,
Edebiýat mülki sen, handyr, türkmenim!

Goç ýigitler goraýandyr serhedi,
Bedewleriň galkynýandyr gudraty,
Türkmen halysynyň nepis sungaty,
Gözellik nusgasy — jan sen, türkmenim!

Ojagyňda nandan doly desterhan,
Rysgally toprakda gül açýar her ýan.
Bagtyýar döwrüňde galkynýar zaman,
Arzuwy ganatly şan sen, türkmenim!

Garaşsyz, Bitarap — mukaddes ýoluň,
Parahatlyk seniň sagyň hem soluň.
Gülleýän Diýarym — belent ykbalym,
Janym-jiberbendim, sen-sen, türkmenim!

Gurbangözel HUDAÝKULYÝEWA,
Saýat etrabynyň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy.