“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hasabat berdi. Himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir içerki bazary dökün bilen doldurman, eýsem daşary ýurtlara iberilýän eksportyň möçberlerini hem ýokarlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde himiýa senagatynyň, aýratyn-da mineral dökünler öndürýän kärhanalaryň uly ornunyň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dökün öndürilişiniň hilini we möçberini yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de bu ugurda täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy wise-premýere tabşyrdy.
«Türkmenhimiýa» oba hojalykçylary mineral dökünler bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar
17
Jan
