«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Tejribeli mugallymlar mekdepde okuw işiniň guralyşy, öwredilýän hünärler dogrusynda gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Bu ýerde, esasan-da, dokma, himiýa, gurluşyk senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de maliýe-ykdysady ulgamlar üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdepde jemi on bir ugur boýunça hünär öwredilýär. Şu bilim ojagynda gerekli hünärleri öwrenen ýaşlar önümçilik kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýärler.
Hususan-da, ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mekdebiň uçurymlary göreldeli işleýärler.