TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde döwrebaplaşdyryş işleri giň gerimde alnyp barylýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalarda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze mineral dökün toplumynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy ähmiýetini belläp, himiýaçylaryň adyndan hormatly Prezidente hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz himiýa pudagynyň desgalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemeginiň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada tabşyryklar berdi.