YKDYSADYÝET

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen resminamalara gol çekdi  

Türkmenistanyň gurluşygyna, senagatyna, energetikasyna bagyşlanan Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň arasynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda gol çekilen resminamalar bar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen «ECO-93» kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň «KSB Group» kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: