TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi internet arkaly söwdany ýola goýdy

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi haly we haly önümleriniň internet söwdasyny hem ýola goýdy. Bu barada birleşigiň resmi saýtynda habar berilýär. Ondaky degişli sahypa girip, halylaryň we haly önümleriniň suratyny we bahasyny görüp bolýar.

Satyn alnan harydyň ýedi günüň dowamynda müşderilere gowşurylýandygy barada hem alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. Şonuň ýaly-da, Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek hyzmatynyň mugtdygy habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: