YKDYSADYÝET

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» Naýypda we Maryda möhüm gurluşyklary alyp barýar

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň binagärleri ýurduň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynyň desgalaryny gurmak işlerini üstünlikli alyp barýarlar. 

Häzirki günlerde olar tarapyndan Naýyp terminalynda suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan desganyň, şeýle-de Gazojak terminalynda suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükleýän desganyň durkuny düýpli täzelemek işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Bu möhüm işleriň bellenilen möhletinde, ýokary hilli tamamlanmagy Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumynda gymmatly ýangyjyň öndürilişini artdyrmakda, önümleri abat saklamakda we sarp edijilere bökdençsiz ugratmakda ähmiýetlidir. 

Bulardan başga-da müdirligiň gurluşykçylary «Naýyp» 220/110/35 kilowatlyk podstansiýa bekediniň we Mary welaýatyndaky möhüm desgalaryň gurluşyklarynda arman-ýadaman zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: