TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmengazüpjünçilik» ýylyň ikinji ýarymyndan işini bes eder

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap işini bes etjekdigi habar berildi. Bu baradaky resmi bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Şeýle hem birleşik ähli gyzyklanýan taraplardan şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli özara hasaplaşyklary doly geçirmegi haýyş edýär.
Belläp geçsek, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň düzüminde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi hereket edýär. Bu müdirlik welaýatda ilaty we kärhanalary tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary alyp barýar.