«Türkmengaz» gyş möwsümine taýýarlykly geldi
Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer
B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gyş möwsümine
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmengazüpjünçilik” we
“Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz
bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna, olardan peýdalanmagyň
düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär.
Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanmak, enjamlardan talabalaýyk
peýdalanmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly
düşündiriş işleri geçirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň sarp edijilerini gyş möwsüminde tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň
möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň gyş möwsümine doly
taýýarlyk görmelidigini, tebigy gazyň sarp edilişine, howpsuzlyk kadalarynyň
ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýdyp, wise-
premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.