SYÝASAT

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC» bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC» kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary gurnamak we «Galkynyş», «Garabil» we «Bagaja» känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 221 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada degişli Karara gol çekdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Şu resminama we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen HHR-iň «CNPC» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek we buraw erginlerini taýýarlamak, guýulary ulanmak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün etmek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu şertnamanyň bahasy 372 273 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: