YKDYSADYÝET

«Türkmengaz» döwlet konserni BAE-den kompressorlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni zerur bolan kompressorlar we ätiýaçlyk şaýlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň «Pioneer House General Trading L.L.C» kompaniýasyndan satyn alar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow konserne bu kompaniýa bilen kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi. Olary «Türkmengaz» döwlet konserni öz serişdeleriniň hasabyna satyn alar.

Olar «Döwletabatgazçykaryş» hem-de «Lebapgazçykaryş» müdirlikleriniň önümçilik desgalarynyň birnäçesinde könelişen we hatardan çykan enjamlary çalyşmak, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ulanylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: