JEMGYÝET

«Türkmenfilmiň» täze filmi Ýeňiş gününe bagyşlandy

Düýn paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Daragt» atly doly göwrümli täze çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, kino sungatynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen kino sungaty «Binýat», «Gyzyl kürte», «Istärin», «Gyzyl alma», «Dutaryň owazy», «Çapar» ýaly gysga we doly göwrümli birnäçe çeper filmler bilen baýlaşdy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmenistanly esgerleriň söweş meýdanlaryndaky gaýduwsyzlygyna, türkmen zenanlarynyň tylda görkezen zähmet edermenliklerine, şeýle hem gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp, Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen täze film bularyň üstüni ýetirdi. Onuň edebi esasyny Akmyrat Rejebow ýazdy. Filmiň goýujy kinooperatory Maksat Hojabaýew we suratkeşi Şadurdy Alowowdyr.

Birleşik Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli hem täze film surata düşürmegi meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: