Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi
tarapyndan Täze ýyl filmleriniň ikisi taýýarlanyldy.
Täze filmleriň biri «Aşyk men» diýlip atlandyrylyp, ol Rüstem Mämmedowyň
režissýorlygynda surata düşürildi. Filmiň wakalary Aşgabatda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýär.
«Bagt näme?». Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli surata düşürilen ikinji bir film, ine, şeýle atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy we kinorežissýor Guwanç Nazarowyň gürrüň berşi ýaly, gysga metražly bu filmde-de ýaşlyk, söýgi temalaryna ýüzlenilipdir.
«Türkmenfilm» Täze ýyl filmleriniň ikisini surata düşürdi

02
Jan