- UNCATEGORIZED

«Türkmenderýaýollary» önümçilik birleşiginde ýükleri daşamak boýunça ýyllyk meýilnama 160% ýerine ýetirildi

«Türkmenderýaýollary» önümçilik birleşiginde ýükleri daşamak boýunça ýyllyk meýilnama 160% ýerine ýetirildi. Şonda dürli maksatly ýükleriň 900 müň tonnadan gowragy suw üsti bilen daşaldy.

Önümçilik birleşiginiň 33 sany gämisi bar. Olar Amyderýanyň ugry boýunça 813 kilometr, Garagum derýasynda 200 kilometr töweregi aralykda ulag hyzmatlaryny amala aşyrýarlar. Şol sanda Türkmenabat — Kerki, Zähmet — Zeýit aralygynda gurluşyk materiallaryny daşamak,läbik sorujylary çekmek ýaly işleri alyp barýarlar.

Birleşikde ýük daşamakdan başga-da, müşderilere dürli görnüşli hyzmatlar hem hödürlenilýär. Mysal üçin, ýylyň başyndan bäri gurluşykda giňden peýdalanylýan 106 müň tonnadan gowrak derýa çägesi edaralara, kärhanalara we telekeçilere berildi. Oňa degişli kerpiç zawodynda öndürilen kerpiçleriň sany bolsa 1 milliondan geçdi. Häzir bu gurluşyk materialyna bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutup, zawodyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Olar tamamlanandan soň kärhanada her ýyl 3 milliona çenli kerpiç öndüriler.

Halaç etrabynyň Pelwert, Hojambaz etrabynyň Mekan obalarynyň deňinden Amyderýanyň üstünden gurlan ponton köprüsiniň hyzmatyndan peýdalanan ulaglaryň sany hem 180 müňden geçdi. Bu hyzmatdan 834 müň manatdan gowrak girdeji alyndy.

Gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminde gämileri we läbik sorujylary abatlamak, demri we agajy gaýtadan işlemek, kislorod öndürmek ýaly işler alnyp barylýar.

Поделиться ссылкой: