JEMGYÝET

«Türkmendemirýollary» agentligi petek almazdan ýolagça öň gerekli resminamalaryň sanawyny çap etdi

 «Türkmendemirýollary» agentligi ýolagçy otlularynda Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gelip-gitmek, üstaşyr geçmek üçin gerekli resminamalaryň sanawyny çap etdi. Aşakda olary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

 1. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gelip-gitmek, üstaşyr geçmek üçin wagtlaýyn rugsatnama almaly.

2. Wagtlaýyn rugsatnama almak üçin Türkmenistanyň raýatlary ýazgyda (hasapda bellikde) duran ýeri boýunça ýa-da bolýan ýeri boýunça welaýat häkimleriniň we Aşgabat şäher häkiminiň kararlary bilen şäherlerde we etraplarda döredilen ýörite toparlara ýüz tutmaly.

3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary sanly elektron ulgama Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumatlary, sapara gidýän senesi barada bellik etdirmeli we wagtlaýyn rugsatnama almaly.

4. Wagtlaýyn rugsatnama berilen Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda olaryň ýanlary bilen gidýän-gelýän kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary Aşgabat şäherine, bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gitmezinden ozal Saglygy goraýyş edaralarynda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasyny almaly.

5. Wagtlaýyn rugsatnama we soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasy bolmadyk Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gelip, gitmäge ýa-da üstaşyr geçmäge rugsat berilmeýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: