YKDYSADYÝET

«Türkmendemirönümleri» kärhanasynda 172 göterimden gowrak ösüş gazanyldy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» kärhanasy üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 191 million 840 müň manatlykdan gowrak dürli ölçegdäki, ýokary hilli demir önümleri öndürdi.

Bu görkeziji kärhanada önüm öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 172 göterimden gowrak ösüşiň gazanylandygyny aň­ladýar. Bu ýerde öndürilen önümler şertnamalar esasynda Türkmenistanyň çäklerinde giň möçberde alnyp barylýan gurluşyklara wagtynda, bökdençsiz ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: