Türkmen halkymyz gadymdan şu güne çenli özüniň däp-dessurlary, millilikleri, ýaşaýyş- durmuşy, medenýeti we sungaty bilen başga milletleri haýrana goýup gelipdir. Türkmenleriň dokan nepis, owadan halylaryny diýjekmi, keteni matalaryny diyjekmi, gara öýlerini, şaý-seplerini, saz gurallaryny, garaz sanasaň sogaby ýetik bolan milliligimiz bar. Ýaşaýşyň ähli döwründe dana pederlerimiziň oýlap tapan ähli zatlarynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galmagynyň özi gudrat dälmi eýsem?
Gadym döwürlerde Garagumyň jümmüşinde ornan türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen guýy gazmak işiniň özi beýik sungatdyr diýsek ýalňyşmarys. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ” atly eserinde guýylar we olaryň dürli görnüşleri barada gyzykly maglumatlary beýan edýär. Guýular gazyljak bolanda ýörite olary gazmak üçin ölçäpdirler we esasanda gum depeleriniň aralarynda, takyrlyklarda guýylary gazypdyrlar. Gazylan guýynyň agzyny bellik etmek üçin ýüzlerçe ýyllar zaýalanman saklanyp bilýan sözen agajyndan peýdalanypdyrlar. Sözen agaçlary çapylyp, böleklenip birnäçe ýyllap çägelikde gömlip goýulypdyr. Çägelikde berk eýlenen agaçdan çüý hem geçirmek kyn bolupdyr. Süýji suwly ýer saýlamak üçin bolsa ussatlar, dana pederlerimiz ýaz paslynyň soňky aýlarynda ýagyş -ýagmyryň ahyrynda asmana seredip nirde ümür, duman toplanan ýer bolsa şol ýeriň edil aşagyna bir gap tüňterip goýupdyrlar. Iki-üç günden soň şol gaby galdyryp görülipdir, gabyň içi gury dälde çygjaran bolsa şol ýerden süýji suwy tapjagyna ynanypdyrlar. Guýy gazmaga başlanlarynda bolsa sähetli günleriň birinde guýynyň piri Şyhy Zindäni çagyryp düňderilip goýlan gabyň duran ýerinden gazyp başlapdyrlar. Ýer gazylyp gidildigiçe suwa ýetýänçä sözen agajyndan oňa diwar örülipdir. Örülen sözen agaçlaryndan guýynyň süňňi düzülipdir. Hepdäniň Anna günleri guýy gazylmandyr, guýa girilmändir. Ýerli halkyň ynançlaryna görä guýynyň piri her Anna güni yrsgal paýlaýarmyşyn. Täze guýynyň suwy oba adamlaryna şatlyk paýlapdyr.
AMANOWA Aýgül,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

