YKDYSADYÝET

Türkmenbatda dört aýda 24 tonna çig ýüpek gaýtadan işlenildi

Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda çig ýüpegiň 24 tonnadan gowragy, nah matalaryň 3484 müň inedördül metri, ýüpek matalaryň hem 37 müň inedördül metri, ýüpek halylaryň bolsa 87 inedördül metri öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 32 million 940 müň manatlyga deň bolup, 123,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.