YKDYSADYÝET

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberi artýar.

Toplumda şu ýylyň geçen bäş aýynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 110,6% berjaý edildi. Netijede benzin, dizel ýangyjy, polipropilen, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi.

Bu ýerde öndürilýän önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Mysal üçin, geçen hepdede geçirilen birža söwdasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri toplumda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: