YKDYSADYÝET

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benziniň öndürilişi artýar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýylyň başyndan bäri 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şonda 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Netijede 811 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini öndürildi. Bu meýilnamada görkezileninden 208 müň tonna artykdyr. Öndürilen harytlyk önümiň 469 tonna töweregi «A-95», 279 tonna töweregi «A-92» we takmynan 64 müň tonnasy «A-80» kysymly benzindir. Şonuň ýaly-da, hasabat döwründe kerosiniň ähli görnüşleriniň 218 müň tonna töweregi öndürildi.

Bu ýerde ýangyç we nebit-himiýa önümlerini 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Onuň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: