LUKMANÇYLYK

Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy açyldy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy açyldy, diýip «turkmenmetbugat.gov.tm» ýazýar..

Täze hassahana halkara ölçeglere laýyklykda guruldy hem-de üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional-anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär. Şeýle hem birnäçe ekspres-anyklaýyş barlaglary, ýagny ganyň süýjüligi, gemoglobiniň gandaky derejesi, holesterin, moçewina, bilirubin we onuň fraksiýalary, pH derejesi, udel agramy, peşewde belok, bakteriuriýa, glýukoza, wirusly gepatitiň we beýleki wiruslaryň, keton barlaglary hem-de olaryň hil we mukdar taýdan barlaglary geçirilýär.

Hassahana täze gulluk awtoulaglary berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: