JEMGYÝET

Türkmenbaşy ― Farap awtomobil ýolunyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri goýberiler

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap awtomobil ýolunyň gurluşygynda netijeli işler alnyp barlyp, esli mukdarda maýa goýum serişdeleri özleşdiriler. Bu baradaç Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde aýtdy.

«Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris» diýip, döwlet Baştutany mejlisde eden çykyşynda nygtady.  Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurtda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy. Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda bahasy 545 million 55 müň manada deň bolan düýpli maýa goýumlar özleşdiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: