Türkmenabatlylar birnäçe günläp baş arçanyň töwereginde baýramçylyk şatlygyny başdan geçirdiler
Lebap welaýatynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny ýokary derejede guramaklyga gönükdirilen çärelere giň gerim berilýär.
Esasy baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada dikilen welaýatyň Baş arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylýar. Bu ýerde Aýazbaba bilen Garpamygyň, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşplerindäki çagalaryň gatnaşmaklarynda her gün Täze ýyl dabaralary guralýar.