BILIM

Türkmenabatly zehinli uçurym lukman bolmaga taýýarlyk görýär

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebi tamamlap, orta bilim hakynda şahadatnamany alan zehinli ýigit Eziz Tagangulyýew mundan üç ýyl ozal maşgalasy bilen Mary welaýatyndan Türkmenabat şäherine göçüp geldi. Ol ozal başga ugurlar bilen gyzyklanýan eken. «Başga ugurlar» diýýänimem juda gyzykly we özüne çekiji ugurlar. Mysal üçin, ol sambo boýunça türgenleşiklere gatnapdyr. Ýöne okuwyny diňe bir Türkmenabat şäherindäki däl, eýsem, welaýatymyzdaky iň göreldeli mekdepleriň birinde dowam etdirmek onuň biologiýa dersi bilen has ýakyndan gyzyklanmagyna sebäp boldy. Mekdebiň biologiýa mugallymy Atamyrat Jumaýewiň geçýän bir-birinden täsirli sapaklary we onuň kärdeşi Toýly Gurbanowyň tagallalary bilen Eziz eýýäm 10-njy synpda okaýarka, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda üçünji orny eýeläp, bilim jemgyýetçiliginiň nazaryna ildi. Şondan soň Eziz bu bäsleşigiň iň işjeň gatnaşyjylarynyň birine öwrüldi. Bäsleşikde Eziz 11-nji synpda Türkmenabat şäheriniň, 12-nji synpda bolsa welaýatymyzyň ýeňijisi boldy.
Yzygiderli öwrenilýän maglumatlar we bäsleşikler Eziziň zehin poladyny gitdigiçe taplady. Ol geçen ýyl halkara bilim taslamalarynda hem üstünlikli çykyş etdi. Has takygy, Litwada geçirilen «VILIPO» taslama bäsleşigine buýan önümçiliginiň galyndysyndan kagyz we desbi agajyny öndürmek boýunça
taslamasy bilen gatnaşan Eziziň ylmy gözleglerine ýokary baha berlip, ol bürünç medala mynasyp görüldi. Şeýle hem Eziz 11-nji synpda okaýarka, FISO halkara bilim taslamasynda kümüş medaly gazandy.
Şu ýyl «Soňky jaň» dabarasynda welaýatymyz boýunça hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlara hem mynasyp bolan Eziziň indiki maksatlary — lukman bolmak we ylmy gözleglerini dowam etdirmek.