SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly ýaş küştçüler ― Türkmenistanyň çempionlary

Lebap welaýatynyň küştçüleri 8, 10 we 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda küştüň çal oýnalýan ― rapid görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.

12 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky ýaryşda türkmenabatly türgen Didar Baltaýew hemmelerden saýlanyp, ýurdumyzyň çempiony boldy. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa welaýat merkezinden Nebahat Myradowa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Türkmenabatly küştçüler 10 ýaşa çenli türgenleriň arasynda hem başarjaňlygyny görkezdiler. Bu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda Nazar Narimanowa taý tapylmady. 10 ýaşa çenli ggyzlaryň arasynda-da türkmenabatly Aýýa Baýramowa ýeňşini baýram etdi.

Welaýatymyzyň türgenleri ýaryşyň iň kiçi ýaş derejesinde (8 ýaşa çenli) diňe gyzlaryň arasynda üstünlikli çykyş edip bildiler. Bu toparda welaýat merkezinden Enejan Çarygeldiýewa ikinji, Güneş Baýramowa bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýaryş küştüň nusgawy görnüşi boýunça dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: