BILIM

Türkmenabatly ýaş alym pawloniýa agajyny Lebapda ýetişdirmegi teklip edýär

Üstümizdäki ýylda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebi tamamlan Maral Berdimyradowa «Lebap welaýatynyň çäklerinde pawlowniýa agajynyň ýetişdirilişi, ekologiýasy we amaly ähmiýeti» atly taslama işi bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi boldy.
Zehinli gyz kislorody köp mukdarda bölüp çykarýan agajy köpçülikleýin ekmegi teklip edýär. Ol ylmy gözleglerini mekdebiň mugallymy Aman Berdimyradowyň ýolbaşçylygynda alyp bardy. Gözlegleriň dowamynda ýerli şertlerde pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmegiň usullary we agaç ýetişdirilenden soňra ondan peýdalanmagyň ýollary öwrenildi. Geçirilen ylmy gözlegler
welaýatymyzyň toprak we howa şertlerinde bu agajyň bir görnüşini ösdürip ýetişdirmegiň mümkindigini görkezdi. Onuň belleýşi ýaly, agajyň ýapraklary maldarçylykda, gülleri bolsa kosmetiki serişdeleri öndürmekde we farmaseftikada ulanylýar. Şeýle hem ylmy gözleglerde bu agajy köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmegiň ekologiýa peýdasy seljerildi. Netijeli seljermelerden
soňra zehinli mekdep okuwçysy pawlowniýa agajynyň tokaý hojalygynda beýleki agaçlardan tapawutlylykda kislorody köp mukdarda bölüp çykarýandygyny kesgitledi. Şonuň üçin hem bu agajy iri şäherleriň daş-töwereginde oturtmak teklip edilýär.
Maral Berdimyradowa golaýda geçirilen «Soňky jaň» dabarasynda ýurdumyzyň iň zehinli we öňdebaryjy mekdep okuwçylarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Şa serpaýyna hem mynasyp boldy.