BILIM

Türkmenabatly ýaş alym Horezmşalar döwletiniň parahatçylyk ýörelgelerini öwrendi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň aspiranty Dinmuhammet Tekäýew bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy. Ol ýakynda ýurduň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşige Soltan
tekeşiň daşary syýasatdaky parahatçylyk ýörelgelerine bagyşlanan iş bilen gatnaşdy.
Ylmy işde ýaş alym tarapyndan orta asyrlaryň taryhy sahypalaryndan täsirli wakalar açylyp görkezilýär. Gözlegiň üns merkezinde bolsa Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň beýik hökümdary Soltan Tekeşiň (1172 — 1200-nji ýyllar) parahatçylyk diplomatiýasyna esaslanýan daşary syýasaty durýar.
Ýaş alym bu işinde Soltan Tekeşiň daşary syýasatynda parahatçylygy döretmek we berkitmek ýörelgeleriniň bardygyny ylmy taýdan esaslandyryp görkezýär. Bu ýörelgeler bolsa, ýaş alymyň pikiriçe, Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň Merkezi Aziýanyň iň täsirli döwletleriniň birine öwrülmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolupdyr.
Bu täsirli iş diňe bir taryhy hakykatlary açyp görkezmän, eýsem, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Parahatçylyk diplomatiýasynyň nusgasy hökmünde Soltan Tekeşiň syýasy çemeleşmesi ýaş alymyň ylmy seljermesinde täzeçe görnüşde açylyp görkezilýär.
Ýaş alym bu iş bilen bäsleşikde birinji orny eýeledi.