Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Enwer Meredowyň alyp baran ylmy gözlegleri ýurduň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp
boldy. Bäsleşikde ikinji orny eýelän ýaş alym ylmy gözleglerini awtoulag we demirýollaryny çäge süýşmelerinden goramaga bagyşlapdyr. Ol munuň üçin fitomeliorasiýa usulyny salgy berýär.
Has takygy, ýaş alym çägäniň deflýasiýasyny, ýagny, onuň ýeliň täsiri bilen göçmegini öwrendi. Bu ýagdaý aýratyn-da awtoulag we demirýol ugurlarynda ýollaryň çägä basylmagyna getirip bilýär. Ýaş alymyň gözleglerinde bu ýagdaýyň öňüni almak üçin fitomeliorasiýa, ýagny, ösümlikler arkaly çägäni berkitmek usuly öwrenilipdir.
Bu ylmy gözlegler möhüm ähmiýete eýedir. Ol sähra ekoulgamyny goramak, awtoulag we demirýollaryň kadaly hereketini üpjün etmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň ekologik durnuklylygyna hem goşant goşýar.
Türkmenabatly ýaş alym çäge süýşmeleriniň öňüni almak üçin täze ýoly salgy berýär

19
Jun