JEMGYÝET

Türkmenabatly we Garabekewülli mugallymlaryň atlary hem, familiýalary hem, doglan güni, ýyly hem, etraby hem bir bolup çykdy

Lebap welaýatynda gyzykly tötänlik ýüze çykdy. Garabekewül etrabyndaky 8-nji orta mekdepde hem-de Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde işleýän iki mugallymyň atlary, familiýalary, doglan etraby hem-de doglan senesi birmeňzeş bolup çykdy. Bu ýagdaý olaryň telefon arkaly gürrüňdeşliginiň dowamynda belli boldy.
Maglumatlara görä, iki mugallymyň hem ady Gülälek Allanazarowa bolup, olaryň ikisi-de Garabekewül etrabynda 1973-nji ýylyň 25-nji iýunynda dünýä inipdir. Şeýle-de bolsa, olaryň kakalarynyň atlary, işleýän bilim ojaklarynyň belgileri hem-de okadýan dersleri dürli-dürlidir.
Bu täsin gabat gelme ilkinji gezek Halkara zenanlar güni mynasybetli gürrüň edilip başlandy. Häzirki wagtda iki mugallym hem öz bilim ojaklarynda köp ýyllyk tejribesi bolan, kärdeşleriniň hem-de okuwçylarynyň arasynda uly abraýa eýe bolan pedagoglar hökmünde tanalýarlar.