Türkmenabatly türgen ses berlişigiň başyny çekýär
Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň uçurymy, kuraş boýunça dünýä çempiony Sabina Kadyrowa şu günler Türkmenstanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan aýyň türgenini saýlamak boýunça yglan edilen ses berlişikde birinji orunda barýar.
Üstümizdäki okuw ýylynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby bolan ezber pälwan gyz ses berleşik başlaly bäri sesleriň 2 müňden gowragyny almagy başardy. Sanawyň üçünji ornunda bolsa köýtendagly dzýudoçy Maýsa Pardaýewanyň bardygy guwandyryjydyr.
Ses berlişik Türkmenstanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda geçirilýär. Ol mart aýynyň başynda jemleniler we ýeňiji barada «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda maglumat berler.
Halkara ýaryşlaryň birnäçesine mynasyp bolan Sabina Kadyrowanyň iň uly üstünligi 2023-nji ýyldaky dünýä çempionlygydyr. Mälim bolşy ýaly, şol ýyl kuraş boýunça dünýä çempionaty ak şäherimiz Aşgabatda geçirilipdi.