Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Leýli Ýusupowa 2025-nji ýylda üçünji halkara medalyny gazandy. Ol şu ýylyň ýazynda Özbegistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýetginjek türgenleriniň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, şeýle hem tomusda Koreýa Respublikasynda geçirilen kuraş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medallara mynasyp boldy.
Ýakynda bolsa Leýli Bahreýnde ýetginjekleriň arasynda geçirilen III Aziýa oýunlarynda kuraş boýunça bürünç medala eýe bolup, umumy üstünlige şahsy goşandyny goşdy.
52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Leýliniň nobatdaky ýeňşi onuň tälimçileri, halkara derejeli sport ussady Şirin Kubaýewanyň we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rejepbaý Aşyrowyň ýurdumyzda halkara derejeli sporty ösdürmek ugrundaky işlere tutanýerli çemeleşýändikleriniň guwandyryjy netijesidir.
Türkmenabatly türgen gyz şu ýylda üçünji halkara medalyny gazandy
17
Nov
