SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly tennisçiler halkara ýaryşlara taýýarlanylýar

 Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde işine ezber tälimçileriň 3-si türgenleşik toparlarynyň 9-synda ýaşlaryň 120-den gowragyna tennisiň inçeliklerini ussatlyk bilen öwredýärler.

  Ýaş tennisçiler diňe bir döwlet derejesindäki däl, eýsem, halkara ýaryşlarynda hem üstünlikli çykyş edýärler. Olardan Sabrina Rahmanowanyň, Aly Geldiýewiň atlaryny bilen nygtamak gerek. Bu ýaş tennisçileriň ikisi-de tennis boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş edýär.

 Mekdepde häzirki günlerde dowam edýän türgenleşikler bolsa Türkmenistanyň we halkara ýaryşlaryň täze ýeňijilerini ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: