SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly tennisçi sebitleýin ýaryşa ýeňiş bilen girişdi

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy, welaýat merkezindäki 9-njy sport mekdebinde türgenleşýän tennisçi Aly Geldiýew Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň hatarynda şu gün Aşgabat şäherinde başlanan Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşyna gatnaşýar.

Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň oglanlar ýygyndysy hem, gyzlar ýygyndysy hem Gyrgyzystandan gelen tennisçileri utup, ajaýyp başlangyja eýe boldular. Gazanylan üstünlikde türkmenabatly tennisçiniň hem mynasyp paýy bar.

Merkezi Aziýanyň birinjiliginde Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda ilkinji bolup korta çykan Aly gyrgyzystanly Alan Bogdanowy 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňdi. Oglanlaryň arasyndaky umumy ýaryş türkmen toparynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Indi türkmen türgenleri ýaryşdaky indiki garşydaşyna garaşarlar. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşy 9-njy iýunda tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: