Türkmenabatly tennisçi «Rolan Garrosa» gatnaşýar
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Sabrina Rahmanowa Türkmenistanyň tennis taryhynda ilkinji gezek Roland Garros ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşýar. Ol 5–9-njy awgust aralygynda Almaty şäherindäki «Gorky Tennis Park» tennis meýdançalarynda geçiriljek ýaryşyň guramaçylaryndan bu bäsleşige gatnaşmak üçin adaty talaplardan boşadylyp, «wild card» alyp, şeýle abraýly ýaryşda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny aldy.
Sabrina Rahmanowa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, şeýle hem «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýar.
2025-nji ýylda geçiriljek Fransiýanyň açyk ýetginjekler çempionatynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin Sabrina Rahmanowa Merkezi we Günbatar Aziýada 17 ýaşa çenli güýçli tennisçileriň 16-sy bilen bäsleşer. Ol şu ýylyň iýul aýynda Özbegistanda geçirilen üç hepdelik okuw-türgenleşiginde geljekki saýlama ýaryşa güýçli taýýarlandy.