Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysy ýarym finala çykdy. Türkmen tennisçileri çärýek finalda Filippinleriň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Ýekelikdäki ilkinji duşuşykda Süleýman Hudaýberdiýew Brendan Zakari Moralesi 6:1, 6:2 hasabynda ýeňdi. Ikinji duşuşykda Türkmenabat şäherinde doglan Aly Geldiýew filippinli Lukas Sebastýan Go bilen duşuşyp, 3 sagat 2 minut dowam eden bäsleşikde 6:7(5), 6:4, 6:4 hasaplary bilen ýeňiş gazandy.
Bu ýeňiş Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy üçin ýaryşdaky yzly-yzyna dördünji üstünlik boldy. Ondan öň türkmen tennisçileri Omanyň, Mýanmanyň we Singapuryň ýygyndylaryny ýeňip, toparçada birinji orny eýelediler. Toparyň düzüminde Kerimgeldi Guldurdyýew hem çykyş etdi, topara Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew ýolbaşçylyk edýär. Ýarym finalda türkmen tennisçileri Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşar.
Türkmenabatly tennisçi Dewisiň kubogynda ýarym finala çykdy
27
Mar

