Türkmenabatly tennisçi «Ashgabat Open 2024»-de kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenabatly tennisçi Aly Geldiýew Aşgabat şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy.
Oglanlaryň arasynda jübütleýin görnüşde geçirilen ýaryşda ol Ýunus Annamyradow bilen bilelikde çykyş etdi. Finala çenli üstünlikli gelen Geldiýew ― Annamyradow jübüti finalda ýaryşda Nazar Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegowdan asgyn gelip, ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady.
Düýn geçirilen final duşuşygynda Amangeldiýew — Welibegow jübüti iki oýunda hem netijeli çykyş edip, güýçli garşydaşlaryndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar. Şunda iki oýunda hem güýçleriň deňeçer gelendigini, hasabyň 7:6-a çenli çykandygyny aýtmak gerek. Ýöne oýunlaryň ikisinde-de Nazar Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegowa ahyrky hüjümler ýeňiş getirdi.